Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdiler

Çaknyşykda boýnundan we döşünden ýaralanan 1 palestinaly ýogaldy

1712546
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdiler

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Jenin şäheriniň golaýyndaky Berkin etrapçasynda bir palestinalynyň Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň od açmagy netijesinde ýogalandygy habar berildi.

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň Berkin etrapçasynda geçiren operasiýasynda palestinaly ýaşlar bilen aralarynda çaknyşyk ýüze çykdy. Ysraýylly esgerler palestinalylara garşy hakyky oklar we gözüňi ýaşardýan gaz ulandylar. 

Çaknyşykda boýnundan we döşünden ýaralanan 1 palestinaly ýogaldy. 

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň 26-njy sentýabrda geçiren operasiýasynda hem 2-si Berkin etrapçasyndan bolmak bilen jemi 5 palestinaly ýogalypdy. 

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleri gözlenýändigini öňe sürüp palestinalylary göz tussaglygyna almak maksady bilen ýygy-ýygydan palestinalylara degişli ýaşaýyş ýerlerine operasiýalar guraýar. Şol operasiýalaryň käbirlerinde palestinalylar bilen çaknyşyklar başdan geçirilýär. 



Degişli Habarlar