Demirgazyk Koreýa täze görnüş gipersonik raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýa soňky 1 aýda 3 gezek razeta synagyny geçirdi.

1712119
Demirgazyk Koreýa täze görnüş gipersonik raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar agentliginiň (KJNA) berýän habaryna görä, “Hwasong-8” atly täze görnüş gipersonik raketa synagy üstünlikli ýagdaýda geçirildi.

“Hwasong-8” raketasy bilen Demirgazyk Koreýanyň ilkinji gezek döwrebap ýaraglara has tiz we täsirli hereket mümkinçiligini üpjün edýän ýangyç ballonyny hem ulanyp boljak ýagdaýa getirdi. 

Demirgazyk Koreýa analitigi Ankit Panda, raketa ýangyç ballonynyň ulanylmagynyň goranyş ulgamy taýdan möhüm bir sepgit hökmünde häsýetlendirdi.  

Döwlet mediasy täze görnüş raketanyň ýurdyň strategik ýaraglaryna goşant goşjakdygyny we ýurdyň iň möhüm 5 täze ýarag ulgamlarynyň biridigini beýan etdi. 

Demirgazyk Koreýa soňky 1 aýda 3 gezek razeta synagyny geçirdi. 



Degişli Habarlar