Demirgazyk Koreýa ballistik raketa synagyny geçirdi

Ýaponiýa we Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketadygy çak edilýän raketa synagyny geçirendigini habar berdiler

1711359
Demirgazyk Koreýa ballistik raketa synagyny geçirdi

Kýodo habarlar agentliginiň Ýaponiýanyň hökümetine esaslanyp beren habaryna görä, Demirgazyk Koreýa ballistik raketa synagyny geçirdi. 

Raketanyň "Ýaponiýanyň aýratyn ykdysady zolagyň" çäginden daşary, deňize gaçandygy mälim edildi. 

Habarda Ýaponiýanyň Premýer ministri Suga Ýoşihideniň hökümediň degişli guramadyr-edaralaryna garaşylmadyk hadysalara garşy taýarlykly bolmaklary barada buýruk berendigi aýan edildi. 

Ýonhap habarlar agentliginiň Günorta Koreýa döwletiniň Baş Ştabynyň beýanatyna esaslanyp beren habaryna görä bolsa, Demirgazyk Koreýa näbelli raketany synagdan geçirdi. 

Habarda Demirgazyk Koreýanyň şu aý eýýäm 2-nji gezek ballistik raketa synagyny geçirendigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar