Ysraýylyň Günbatar Şeriada geçiren operasiýalarynda 4 palestinaly ýogaldy

Haaretz gazedi waka bilen bagly beýanat berdi

1710510
Ysraýylyň Günbatar Şeriada geçiren operasiýalarynda 4 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Günbatar Şerianyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde geçiren operasiýalarynda ýüze çykan çaknyşyklarda 4 palestinaly ýogaldy, azyndan 5 palestinaly bolsa ýaralandy. 

Haaretz gazedinden berilen habarda, Ramallah şäheri başda bolmak bilen Beýt Anan obasynda we Jenine degişli Kefr Burkin etrapçasynda bolmak bilen Günbatar Şeria sebitiniň 5 aýry ýerinde operasiýalar geçiren Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen palestinalylaryň arasynda çaknyşyklaryň ýüze çylandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň goşunyna esaslanyp berilen habarda, Beýt Ananda 3 palestinaly, Kefr Burkin etrapçasynda bolsa ýene-de 1 palestinaly bolmak bilen jemi 4 palestinalynyň ýogalandygy aýan edildi. 

Habarda mundan başgada Ysraýylyň goşunynyň 4 palestinalynyň ýogalmagy bilen netijelenen wakalara garşylyk görkezmek maksady bilen Gazadan rakertalar bilen guralyp bilinjek hüjümlere garşy taýarlyk görülendigi habar berildi. 

Ýogalan palestinalylaryň Hamas guramasynyň agzalary bolandygy öňe sürüldi, wakalar bilen baglanşykly Palestina tarapyndan entek resmi ýagdaýda beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar