Lawrow: "Talibanyň ykrar edilmegi güntertipde däl" diýdi

Lawrow, geçiren metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi

1710563
Lawrow: "Talibanyň ykrar edilmegi güntertipde däl" diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Owganystanda gözegçiligi ele geçiren Talibanyň halkara derejede ykrar edilmeginiň häzirki wagtda güntertipde bolmandygyny mälim etdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Sergeý Lawrow, geçiren metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.  

Sergeý Lawrow, Owganystanda başdan geçirilen soňky hadyslaryň üstünde durup geçip, ABŞ-nyň gyssagly ýagdaýda çekilmeginden soň yzynda goýup giden köp mukdardaky ýaraglaryň erbet maksatlar bilen ulanylmazlygyny umyt edýändiklerini beýan etdi. 

Taliban bilen aragatnaşyk içindediklerini we Talibanyň giňişleýin hökümet gurmak babatynda beren sözlerini ýerine ýetirmeginiň örän möhümdigini aýdan Sergeý Lawrow: "Hazirki wagtda Talibanyň halkara derejede ykrar edilmegi güntertipde däl" diýip nygtady. 

Siriýadaky hadysalaryň hem üstünde durup geçen Sergeý Lawrow, 29-njy sentýabrda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda Russiýada geçiriljek maslahatda Idlib meselesiniň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi. 

ABŞ bilen Ýewfrat derýasynyň gündogary babatynda bolsa dowamly häsýetde aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdan Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň el Tanf we Rukban sebitlerindäki barlygynyň bolsa kabul edilip bilinmejekdigini beýan etdi. 

ABŞ bilen Siriýada dartgynlygy azaltmak mehanizmi babatynda gepleşikler geçirýändiklerini aýdan Sergeý Lawrow, şol mehanizmiň peýdalydygyny aýan etdi. 

Sergeý Lawrow, arakesme berilen Eýranyň ýadro gepleşikleriniň ýaňadandan başladylmagy üçin ABŞ-na has işjeň pozisiýa eýelemek barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar