“Türkiýe Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edilmeli”

Žozef Borrel Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşdy

1709962
“Türkiýe Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edilmeli”

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşdy.

Borrel Nýu-Ýorkda bolan duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “BMG-nyň Baş Assamleýasynda Çawuşogluny görmek nähili gowy” diýdi.

Borrel Çawuşoglu bilen ÝB-Türkiýe gatnaşyklary bilen birlikde Kipr meselesi, Gündogar Ortaýer deňizinde we Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny nygtady.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel “Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli” diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem duşuşyk hakyndaky habarnamasynda “Halkara we sebitara durnuklylyk üçin ÝB, Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar