Lawrowuň Degişmeli Jogaby

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow NATO-nyň baş Sekretary Stoltenberg bilen duşuşmazdan ozal žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi

1709661
Lawrowuň Degişmeli Jogaby

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow NATO-nyň baş Sekretary Stoltenberg bilen duşuşmazdan ozal žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi

Lawrow: “Oglanlar güýmenmäň, Russiýa NATO goşulmaz” diýdi.

BMG-niň 76-njy Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde saparda bolýan Sergeý Lawrow NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsýetde geçirilen duşuşykdan ozal surat alan žurnalistlere ýüzlenen Lawrow; “Oglanlar güýmenmäň, Russiýa NATO goşulmaz” diýip, degişdi. Lawrowyň bu sözleri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň sosial media hasabyndan hem paýlaşyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň interbet sahypasyndan berilen beýannama görä taraplar Russiýa-NATO gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.



Degişli Habarlar