ABŞ Az we Orta Girdejili Ýurtlara Sanjym Kömegini Berer

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden az we orta girdejili ýurtlara 500 million doza koronawirus sanjym kömegini berjekdiklerini beýan etdi

1709441
ABŞ Az we Orta Girdejili Ýurtlara Sanjym Kömegini Berer

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde öz işini dowam etdirýän BMG-niň 76-njy Sessiýasynyň çaginde Baýdeniň ýer eýeçiliginde “Global Kowid-19 Sammiti” atly onlaýn sammit geçirildi.

Baýden sammitde sözlän sözünde düýn BMG-niň Baş Assambleýasynda sözlän sözüne ünsi çekip; “Kowid-19-y ýeňmek üçin bilelikde işleşmekden we gelejekdäki pandemiýalara taýarlykly bolmakdan gyssagly mesele ýok” diýdi.

Hökümetiň sanjym önümçiligini artdyrmak, sanjym kömegini bermek we kislorod ýetmezçiligini ortadan aýyrmak üçin möhüm başlangyçlar edýändigine ünsleri çeken Baýdeni ýurdunyň häzirki wagta çenli 100-den gowrak ýurda 160 million doza sanjym kömegini berendigini nygtap; “ABŞ pes we orta girdejili ýurtlara bermek üçin 500 millipn doza “Pfiezer” sanjymyny satyn alar. Şol dozalar ýakyn gelejekde degişli ýurtlara ugradylar” diýdi.

Baýden; “Bütin dünýäni belli kadalara laýyklykda jebisleşdireliň. Sanjymlary satmalyň, kömek hökmünde bereliň we ol syýasy maksatly bolmasyn” diýdi.

Baýden Günorta Afrika hem 500 million dozadan gowrak “Jonson&Jonson” sanjymynyň öndüriljekdigini we onuň Afrika ýurtlaryna beriljekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar