“Sanjymlar Hakynda Dogry Maglumatlar Ynamdar Çeşmelerden Alynmaly”

“Gynansakda hassahanada bejergi astyna alynanlaryň we epidemiýa sebäpli ýogalýanlaryň 99 göterimi sanjym etdirmediklerden ybarat”

1708675
“Sanjymlar Hakynda Dogry Maglumatlar Ynamdar Çeşmelerden Alynmaly”

Kovid-19 sanjymyna garşy durýanlaryň sosial medianyň ýerine ynamdar çeşmelerden maglumat almalydygy nygtaldy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň metbugat sekretary Margaret Harris, BMG-nyň  Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki merkezinde metbugata beýannama berdi.

Harris Anadoly habarlar gullugynyň Kovid-19 sanjymlary hakyndaky soraglaryna hem jogap berdi.

Harris, Kovid-19 sanjymlarynyň diýseň täsirlidigini nygtap “Gynansakda hassahanada bejergi astyna alynanlaryň we epidemiýa sebäpli ýogalýanlaryň 99 göterimi sanjym etdirmediklerden ybarat” diýdi.

Harris koronawirus sanjymynyň elýeterli bolan ýurtlarynda sanjym etdirmedikleriň gaty ýalňyşýandygyny nygtady.

Koronawirus sanjymlary hakynda esasan sosial mediada ýer alýan habarlara uly alada bildirýändigini nygtan Harris, sanjymlar hakynda dogry maglumatlaryň ynamdar çeşmelerden alynmalydygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar