Kuba Çagalar Üçin Koronawirus Sanjymlama Maksatnamasyny Başlatdy

Kuba ähli çagalar üçin köpçülikleýin koronawirus sanjymlama maksatnamasyny başladan ilkinji ýurt boldy.

1708612
Kuba Çagalar Üçin Koronawirus Sanjymlama Maksatnamasyny Başlatdy

Ilatynyň 90 göterimini sanjymlamak ugrunda tagalla edýän Kuba, çagalar üçin köpçülikleýin Kovid-19 sanjymlama kampaniýasyny başlatdy.

Kubanyň hasabatyna görä azyndan 117,5 müň çaganyň koronawirusa ýolugandygy anyklandy.

Saglygy goraýyş ministri Hoze Portal Miranda çagalarda wirusa ýolukýanlarynyň sanynyň artmagynyň aladalandyryjydygyny beýan etdi.

Kubadaky çagalarda wirusa ýolukýanlarynyň sanynyň artmagy resmileriň aýyň başynda mekdepleri açma meýilnamasyny yza süýşürmegine sebäp bolupdy.

Bilim ministriniň orunbasary Ugenio Gonzalez ene-atalaryň çagalaryna okuwa başlamak üçin sanjym etdirmäge mejbur däldigini, emma halky çagalaryny sanjym etdirmäge çagyrýandyklaryny we Kubanyň dolulygyna ýerli sanjymlarynyň bardygyny aýtdy.

Kuba, “Soberana-2” we “Abdala” atlandyrylan iki Kovid-19 sanjymyny öndürdi.

Ýurtda 2-18 ýaş toparyna “Soberana-2” kämillik ýaşyna ýetenlere bolsa “Abdala” sanjymy edilýär.

Şol sanjymlar heniz halkara guramlary tarapyndan tassyklanmady

 



Degişli Habarlar