ABŞ 2022-nji Ýylda 125 Müň Bosguny Kabul Eder

Döwlet sekretary Blinkeniň meýilnamany Kongresiň agzalary bilen ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

1708644
ABŞ 2022-nji Ýylda 125 Müň Bosguny Kabul Eder

ABŞ 2022-nji ýylda kabul etjek bosgunlarynyň sanyny 62 müň 500-den 125 müňe çykardy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Prezident Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet 2021-nji ýyl üçin 62 müň 500 hökmünde kesgitlän kabul etjek bosgunlarynyň sanyny geljek maliýe ýyl üçin 125 müňe çykarmagy meýilleşdirýär.

Döwlet sekretary Blinkeniň meýilnamany Kongresiň agzalary bilen ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

2021-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda wezipesine başlan Prezident Baýden ýurda kabul ediljek bosgunlaryň sanyny 62 müň 500-e çykarypdy emma ABŞ 2020-njy ýylyň oktýabr aýy bilen 2021-nji ýylyň awgust aýy aralygynda diňe 7 müň 637 bosguny kabul etdi.



Degişli Habarlar