Sudanda Harby Agdarlyşyk Edilmäge Synanşyldy

Agdarlyşyk etmäge synanşan 40 ofiseriň saklanandygy nygtaldy.

1708521
Sudanda Harby Agdarlyşyk Edilmäge Synanşyldy

Sudanyň paýtagty Hartumda kiçi harby toparyň käbir harby ulaglary ele geçirip agdarlyşyk etmäge synanşandygy habar berildi.

Döwlet teledeýaýlymy we radiolary ýaýlymlary arkaly halka agdarlyşyga garşy durmaklary üçin çagyryş berdi.

Paýtagt Hartumyň Umdurman etrapçasynda kiçi harby toparyň käbir harby ulaglary ele geçirip agdarlyşyk etmäge synanşandygy nygtaldy.

Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň metbugat geňeşçisi Muhammed Al Feki Süleýman Fajebook arkaly beren habarnamasynda, ýagdaýyň gözegçilik astyna alynandygyny nygtady we halka agdarlyşyga garşy durmaklary we ýurdy goramaklary üçin çagyryş berdi.

Agdarlyşyk etmäge synanşan 40 ofiseriň saklanandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar