Russiýa Günbatar döwletlerine garşy girizen sanksiýalarynyň möhledini uzatdy

ÝB Russiýa garşy ykdysady sanksiýa kararyny ilkinji gezek 2014-nji ýylda kabul edipdi

1708315
Russiýa Günbatar döwletlerine garşy girizen sanksiýalarynyň möhledini uzatdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan gol çekilen kararnama laýyklykda Russiýa, aralarynda ABŞ we ÝB-ne agza ýurtlary bolan käbir Günbatar döwletleriniň Ukrainadaky pozisiýasy we Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneksiýasy sebäpli girizen sanksiýalaryna garşy girizen sanksiýa kararynyň möhledini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzatdy. 

Ýewropa Bileleşigi 10-njy sentýabrda kabul eden kararyna laýyklykda Ukrainanyň durnuksyzlaşdyrýandygy sebäpli Russiýanyň käbir pudaklaryna garşy girizen ykdysady sanksiýalaryny 6 aý möhlet bilen uzadypdy. 

ÝB Russiýa garşy ykdysady sanksiýa kararyny ilkinji gezek 2014-nji ýylda kabul edipdi. Möhledi uzadylan ykdysady sanksiýalara laýyklykda ÝB-e agza 28 ýurt, Russiýa ýarag satmaýar. 

Sanksiýalar bilen Russiýanyň nebit we gaz pudaklarynda ulanylýan käbir tehnologiýalar ÝB ýurtlaryndan satyn almagy çäklendirilýär. Mundan başgada Russiýa degişli banklar Ýewropada maliýe pudagy boýunça çetde saklanýar. 

ÝB-niň emläkleri doňdurmak we syýahatçylyk gadagançylygyndan ybarat goşmaça sanksiýalar ençeme rus we separatist toparlaryň ýokary derejeli resmilerini öz içine alýar. 



Degişli Habarlar