Morrison Makron bilen duşuşyk geçirmejekdigini habar berdi

Resmi sapar bilen ABŞ-na giden Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen BMG-da duşuşyk geçirmejekdigini habar berdi

1708641
Morrison Makron bilen duşuşyk geçirmejekdigini habar berdi

Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison ýurdunyň Fransiýa bilen 90 milliard Awstraliýa dollary gymmadynda bolmagy göz öňünde tutulan suwasty gämi flodynyň gurulmagy bilen bagly taslamanyň goý bolsun edilmegi bilen baglanşykly: "Awstraliýanyň etmek isleýäni sebitiň parahatçylygyna we durnuklylygyna goşant goşmakdyr. Ähli ýurtlar öz bähbitlerine laýyklykda kararlar kabul etmäge mejburdyr" diýip belledi. 

Emmanuel Makron bilen BMG-da duşuşyk geçirmek meýilnamasynyň bolmandygyny aýdan Skott Morrison: "Häzirki wagtda munyň üçin pursat ýok. Şol pursadyň wagty bilen geljekdigine ynanýaryn. Emma häzirki wagtdaky lapykeçligi bilýärin we Pariže gaýdyp baran ilçiler bilen geňeşmeleriň üstünde işleýärler we bu babatda sabyrly bolarys" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison bilen 16-njy sentýabrda geçiren göni wideoaragatnaşyk maslahatynda, AUKUS atly täze bir howpsuzlyk hyzmatdaşlygyň döredilendigini we şol çäkde ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Awstraliýa bilen ýadro energetika suwasty gämi tehnologiýasy bilen paýlaşjakdygyny habar berdi. 

AUKUS ylalaşygyň güýje girmegi bilen Awstraliýa, 2015-nji ýyldan bäri Fransiýa bilen alyp barýan, jemi gymmady 43 milliard dollar boljakdygy beýan edilen, ondan soň bolsa 90 milliard dollara çenli ýokarladylan we ýurtda jedelleşiklere sebäp döreden Söweşjeň suwasty gämi programmasyny bes edendigini mälim edipdi. 

Fransiýa Prezident Emmanuel Makronyň buýrugyna laýyklykda Kanberra we Waşington şäherlerindäki ilçilerini geňeşmeler maksady bilen yzyna çagyrypdy. 


Etiketkalar: #BMG , #Fransiýa , #Awstraliýa

Degişli Habarlar