Demirgazyk Koreýa: "Ýadro ýaraglanma ýaryşy ýüze çykyp biler" diýdi

Demirgazyk Koreýa, Hindi-Ýuwaş okeanda täze bir ABŞ alýansynyň we Awstraliýa bilen gazanylan suwasty gämi ylalaşygynyň sebitde ýadro ýaraglanma ýaryşyny ýüze çykaryp biljekdigini habar berdi

1708175
Demirgazyk Koreýa: "Ýadro ýaraglanma ýaryşy ýüze çykyp biler" diýdi

Awstraliýanyň ABŞ we Beýik Britaniýa tehnologiýasy bilen azyndan 8 sany suwasty gämi gurmak meýilnamasyna garşy reaksiýalar dowam edýär. 

Demirgazyk Koreýanyň KJNA döwlet mediasyna beýanat beren Daşary işler ministrliginiň resmisi, ylalaşyk bilen baglanşykly: "Bular Aziýa-Ýuwaş okean sebitindäki strategik deňagramlylygy bozar we ýadro ýaraglanma ýaryşyny ýüze çykaryp biljek örän islenmeýän we howply hereketlerdir" diýip belledi. 

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat we aragatnaşyk departamenti bolsa: "Bu ABŞ-nyň halkara ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy ulgamyny ýok edýän esasy jogapkärdigini subut edýär" diýip nygtady.  

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Awstraliýanyň Premýer ministri Skott Morrison bilen 16-njy sentýabrda geçiren göni wideoaragatnaşyk maslahatynda, AUKUS atly täze bir howpsuzlyk hyzmatdaşlygyň döredilendigini we şol çäkde ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Awstraliýa bilen ýadro energetika suwasty gämi tehnologiýasy bilen paýlaşjakdygyny habar berdi. 

AUKUS ylalaşygyň güýje girmegi bilen Awstraliýa, 2015-nji ýyldan bäri Fransiýa bilen alyp barýan, jemi gymmady 43 milliard dollar boljakdygy beýan edilen, ondan soň bolsa 90 milliard dollara çenli ýokarladylan we ýurtda jedelleşiklere sebäp döreden Söweşjeň suwasty gämi programmasyny bes edendigini mälim edipdi. 

Fransiýa Prezident Emmanuel Makronyň buýrugyna laýyklykda Kanberra we Waşington şäherlerindäki ilçilerini maslahatlaşmak maksady bilen yzyna çagyrypdy. 



Degişli Habarlar