Binýamin Netanýahu Jo Baýdeniň üstünden güldi

Ysraýylyň metbugaty Baýdeniň duşuşykda ýatyp galmandygyny, ady agzalan wideonyň monatžlanandygyny ýazypdy

1708017
Binýamin Netanýahu Jo Baýdeniň üstünden güldi

Ysraýylyň ozalky Premýer ministri Binýamin Netanýahu, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýylyň häzirki Premýer ministri Naftali Bennett bilen geçiren duşuşygynda ýatyp galmagynyň üstünde durup geçdi.

Binýamin Netanýahu Facebook hasabyndan beren beýanatynda, 27-nji awgustda Ak Tamda geçirilen Baýden-Bennett duşuşgynyň üstünde durup geçdi. 

Beýanatynda: "Baýdeniň duşuşykda örän ünslidigini gördüm" diýip bellän Netanýahunyň beýanatynda egilmegi we gözlerini ýummagy ünsleri özüne çekdi. 

Ysraýylyň metbugaty bu hereket bilen Netanýahunyň Bennett bilen geçiren duşuşygynda Baýdeniň ýatyp galandygy baradaky öňe sürmeleri göz öňünde tutandygyny beýan etdi. 

Habardan soň Netanýahunyň agza bolan Likud partiýasyndan berilen beýanatda, ýurdyň ozalky Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Jo Baýdeni däl, eýsem Naftali Bennetti tankyt edendigi mälim edildi. 

Ysraýylyň metbugaty Baýdeniň duşuşykda ýatyp galmandygyny, ady agzalan wideonyň monatžlanandygyny ýazypdy. 



Degişli Habarlar