“ÝB Owganlary Gorama Jogapkarçiliginden Gaçýar”

Owganlara berilýän goldawyň giňeldilmegi üçin çagyryş berildi

1707158
“ÝB Owganlary Gorama Jogapkarçiliginden Gaçýar”

Halkara adam hukuklary we immigrant guramalary ÝB-ni tanky edýär

Guramalar kömege mätäç owganlara berilýän goldawyň giňeldilmegi üçin çagyryş etdi.

Halkara günägeçişlik guramasy, Gyzyl haç, Adam hukuklaryna gözegçilik öýi, Oxfam ýaly girdeji maksady bolmadyk halkara guramalary bilen birlikde 24 gurama, kömege mätäç owganlar boýunça ýazmaça beýannama çap etdi.

“ÝB olara hemaýat berme jogapkärçiliginden gaçmagyň ýerine jogapkärçiligi bölüşmeli” diýilýän beýannamada, Owganystanda 18 million adamyň gyssagly ynsanperwer kömege mätäçlik duýýandygy we müňlerçe adamyň henizem ýurtdan çykmak isleýändigi nygtalýar.

Beýannamada ÝB-niň goraga mätaç owganlara howpsuz şert döretmelidigi we “höwesli ýaňadandan ornaşdyrma” maksatnamasyny iş ýüzüne geçirmelidigi bellenilip, Bileleşigiň çäklerindäki yza ugratmalar, başpena hakyndan mahrum edilme ýaly synanşyklaryň ÝB tarapyndan ýazgarylmagy, derňelmegi we degişli çäre görülmegi islendi. Beýannamada; “Owganlaryň başpenalyk hakyndaky kabul edilmedik ähli kazyýet işleri we mesele boýunça saklananlary bilen bagly kararlar ýaňadandan gyssagly seljerilmeli” diýilýär.

Beýannamada; “Owganlaryň deport edilmekleri resmi taýdan bes edilmeli, hukuky dereje berilmegi we ýaşaýyş hukugy ýaly çözgütler bilen deport edilmelere garşy alternatiwleriň tapylmagy” islenýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar