Ýaponiýa Demirgazyk Koreýa degişli raketalaryň milli ýörite ykdysady zolaga gaçandygyny habar berdi

Demirgazyk Koreýa degişli raketalaryň Ýaponiýanyň günbataryndaky Noto ýarymadasynyň suw giňişligine, ýörite ykdysady zolaga gaçandygy mälim edildi.

1706870
Ýaponiýa Demirgazyk Koreýa degişli raketalaryň milli ýörite ykdysady zolaga gaçandygyny habar berdi

 NHK habarlar agentligi tarapyndan berilen maglumata görä, Ýaponiýanyň hökümeti Demirgazyk Koreýa tarapyndan synagdan geçirilen raketalaryň gaçan nokatlary bilen bagly ozal beýan eden çaklamasyny düzeltdi.

Berilen täze maglumata görä, raketalaryň Işikawa welaýatynyň Noto ýarymadasynyň suw giňişiginiň çäklerindäki Neguražima adasynyň 300 km demirgazygyna gaçdy.

NHK milli ýörite ykdysady zolagyň çägine gaçan soňky Demirgazyk Koreýa degişli raketalaryň, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda gaçandygyny habar beripdi.

Ýurdyň Premýer ministri Suga Ýoşihide, synag bilen bagly: “Demirgazyk Koreýanyň synaglarynyň Ýaponiýanyň we sebitiň parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim salýar” diýip belläpdi.



Degişli Habarlar