Eýran, ŞHG-na Doly Agzalyga Kabul Edildi

"Şu günki maslahatda Eýranyň ŞHG-na doly agzalyga kabul edilendigi sebäpli agza ýurtlara sagbolsun aýdýaryn”

1707324
Eýran, ŞHG-na Doly Agzalyga Kabul Edildi

Eýranyň Prezidenti İbrahim Reisi, Täjigistanyň paýtagty Duşanbede geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwlet baştutanlarynyň 21-nji maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Reisi maslahatda eden çykyşynda “Sebitara parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin birnäçe pursatdan biri bolan bu maslahata gatnaşmakdan hoşaldygymy nygtamak isleýärin. Şu günki maslahatda Eýranyň ŞHG-na doly agzalyga kabul edilendigi sebäpli agza ýurtlara sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Eýranyň Prezidenti ŞHG-ny ykdysady, syýasy we demokrafik gymmatlyklara eýe, halkara derejesinde uly rol oýnaýan güýçli gurama hökmünde häsiýetlendirdi.



Degişli Habarlar