Dawos Forumu 2022-nji Ýylyň Ýanwar Aýynda Geçirler

Bütindünýä Ykdysadyýet forumy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-21-i aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirler.

1707126
Dawos Forumu 2022-nji Ýylyň Ýanwar Aýynda Geçirler

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 2021-nji ýylda geçirilmedik Bütindünýä Ykdysadyýet forumy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-21-i aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirler.

Bütindünýä Ykdysadyýet forumy tarapyndan berlen beýannamada, Dawosda geçiriljek forumda, işewürleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we hökümet baştutanlarynyň epidemiýa sebäpli bozulan halkara ykdysady ösüş depgini bilen birlikde beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşjakdygy ýatladyldy.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 2021-nji ýylda Singapurda geçirilmegi meýilleşdirlen “Dawos sammiti” hökmünde bilinýän forum, epidemiýanyň bütin dünýäde dowam edendigi sebäpli iki gezek yza süýşürlipdi.

Dawos sammiti 1971-nji ýyldan bäri her ýylyň ýanwar aýynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilýär.


Etiketkalar: #sammit , #ykdysadyýet , #Dawos

Degişli Habarlar