Saddamyň Döwründe Milliardlarça Dollar Daşary Ýurda Alnyp Gidildi
Premýer-ministr Kazymi paýtagt Bagdatda geçirlen, Ogurlanan emlaklaryň yzyna berilmegi konferensiýasynda çykyş etdi

Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazymi, agdarlan lider Saddam Hüseýin döwründe milliardlarça dollaryň bikanun ýollardan daşary ýurda alnyp gidilendigini aýtdy.
Premýer-ministr Kazymi paýtagt Bagdatda geçirlen, Ogurlanan emlaklaryň yzyna berilmegi konferensiýasynda çykyş etdi.
Ýurtda messep söweşi döwründe 2006-2008-nji ýyllaryň aralygynda uly galplyk edilendigini aýdan Kazymi “Häkimiýetiň başyna gelen ilkinji günümizden bäri galplyga garşy göreşýäris. Galplyga garşy göreş üçin ýörite komitet döretdik. Şol komitet 1 ýylyň dowamynda 17 ýylda edilen galpyklary ýüze çykardy” diýdi. “Galplyk we terror şol bir zatdyr” diýen Premýer-ministr Kazymi “Ozalky hökümet döwründe hem ýagny Saddam Hüseýin döwründe milliardlarça dollar daşary ýurda alnyp gidildi. Galplyga garşy göreşde asla egilşik etmeris”diýip belledi.