Russiýa Idlibe Howa Hüjümini Gurady

Russiýa Siriýanyň Idlib welaýatynyň çaknyşyksyz zolagynda ýerleşýän Hamame, Mazra we Zerrur obalaryna 15 howa hüjümini gurady.

1706672
Russiýa Idlibe Howa Hüjümini Gurady

Oppozisionerler, Idlibe guralan howa hüjümi hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, Latakiýede ýerleşýän Hymeýmim harby bazasyndan uçan 3 rus uçarynyň hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Rus harby uçarlarynyň Zurzur obasyna guran howa hüjüminde Türkiýeden jemgyýetçilik guramasy tarapyndan ýetim çagalar üçin gurlan öýleriň golaýy nyşana alyndy.

Howa hüjümi guran uçarlardan atylan bombalardan biri öýleriň 100 metr golaýyna çenli geldi. Hüjümlerde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar