Praýs: “Türkiýe we Katar Kabuldan gündelik uçar saparlarynyň başladylmagy üçin tagalla edýär”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Kabul howa menzilinden çarter uçar saparlary bilen birlikde gündelik uçar saparlarynyň başladylmagy üçin Türkiýäniň we Kataryň tagalla edýändigini habar berdi.

1706699
Praýs: “Türkiýe we Katar Kabuldan gündelik uçar saparlarynyň başladylmagy üçin tagalla edýär”

 ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, gündelik metbugat brifinginde Owganystandaky ýagdaýyň üstünde durup geçdi. Kabuldaky Hamid Karzaý howa menzilinden çarter uçar saparlarynyň guralmaga başlandygyny aýdan Praýs, howa menzilinden gündelik uçar saparlarynyň amala aşyrylmagynyň bolsa hem owgan halky, hem halkara jemgyýet hem-de Taliban üçin möhümdigini beýan etdi.

Mazari-Şerif şäherinden guralmagyna garaşylýan uçar saparlaryň başladylmazlygy bilen bagly hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Praýs, şäherden uçar saparlarynyň başladylmagynyň gerekdigini we bu ugurda iş alyp barýandyklaryny mälim etdi.

 Beýleki tarapdan Ned Praýs 31-nji awgustndan bäri Owganystandan 36 amerikan raýatynyň we ABŞ-da ýaşamaga rugsatnamasy bolan ýene-de 24 adamyň çykarylandygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar