Ysraýyl Gaza howa hüjümini gurady

Ysraýylyň harby uçarlary gabaw astyndaky Gazanyň 3 aýry ýerine howa hüjümlerini gurady.

1705701
Ysraýyl Gaza howa hüjümini gurady

Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň günortasyndaky Refah, Han Ýunus we Beýt Lahýa sebitlerine hüjüm gurady.

Ysraýylyň goşuny howa hüjümleri bilen bagly beýanat bermedi. Hüjümleriň netijesinde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi.

Ysraýyl düýn soňky 48 sagadyň içinde Gazadan atylan 3 aýry raketanyň “Demir Gupba” howa goranyş ulgamy tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar