Russiýa Bilen Belarus “Zapad-2021” Türgenleşigini Geçirer

Russiýa bilen Belarus sentýabr aýynyň 10-16-sy aralygynda harby türgenleşik geçirer.

1704715
Russiýa Bilen Belarus “Zapad-2021” Türgenleşigini Geçirer

Russiýa bilen Belarus, NATO bilen dartgynlygyň möwjeýän döwründe günbatar serhedinde “Zapad-2021” türgenleşigini geçirer.

Russiýanyň Goranmak ministrligine esaslanylýan habara görä, Russiýa bilen Belarus sentýabr aýynyň 10-16-sy aralygynda harby türgenleşik geçirer.

Bilelikdäki harby türgenleşige Russiýanyň we Belarusyň goşunlaryndan 200 müňe golaý esger gatnaşar.

Türgenleşige 80 uçar we dikuçar bilen 290 tankyň, 240 topuň we 760-e golaý harby ulagyň we 15 harby gäminiň gatnaşjakdygy nygtalýar.

Türgenleşigiň ikinji tapgyryna Ermenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Hindistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Serbiýadan hem harby toparlar çagyryldy.

Türgenleşige Hytaýdan, Wiýetnamdan, Mýanmadan, Pakistandan we Özbegistandan harby synçylar gatnaşar.

Bilelikdäki harby türgenleşige şeýle hem Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Belarusyň Prezidenti Aleksander Lukaşenko gatnaşar.



Degişli Habarlar