“Biz Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Kadalaşdyrmaga Taýar”

Nikol Paşinýan hökümetiň agzalary bilen geçiren maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi

1704900
“Biz Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Kadalaşdyrmaga Taýar”

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda hökümetiň agzalary bilen geçiren maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Prezident R. T. Erdoganyň Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy meselesinde beýannama berendigini nygtan Paşinýan, “Bu beýannamalarda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşyp biljekdigini görýäris. Biz Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzyň kadalaşmagy, gara ýol we otly gatnawynyň ýaňadandan açylmagy üçin gepleşik geçirmäge taýar”diýdi.

Ermenistanyň Premýer ministri “Russiýa bu meselede bize kömek bermäge taýardygyny beýan etdi. ÝB esasan Fransiýa bilen ABŞ hem bu etap bilen ýakyndan gyzyklanýar. Hindistan bilen Hytaý hem sebitde gatnawyň ýaňadandan başlamagyna oňyn garaýar” diýip belledi.



Degişli Habarlar