Lafaržyň DAEŞ Terrorçylaryny Maliýeleşdirendigi Tassyklandy

Fransiýanyň Ýokary kazyýeti Fransiýanyň sement kärhanasy “Lafaržyň” DAEŞ terrorçylary maliýeleşdirmegi sebäpli bütin adamzada garşy jenaýata goşulyşmakda günäkärlenmegine” şert döretdi.

1704078
Lafaržyň DAEŞ Terrorçylaryny Maliýeleşdirendigi Tassyklandy

Şeýle Fransiýanyň Ýokary kazyýeti “Lafarž” firmasyna bildirilýän “terrorizmi maliýeleşdirýändigi hakyndaky günäkärlemäni” tassyklady.

“Lafarž” firmasynyň DAEŞ bilen arabaglanşygy hakynda Fransiýanyň içerki, daşarky we harby razwedka gulluklaryna yzgiderli maglumat berendigi we onuň Fransiýa döwletiniň ygtyýary bilen amala aşandygy delilleri bilen subut edilipdi.

“Lafaržyň” howpsuzlyk müdiri Ýan Klod Weillard bilen Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň howpsuzlyk gullugynyň arasynda e-poçta aragatnaşygynda 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabryndaky hat alyşmalarda Siriýada DAEŞ-a sement ugratma işiniň detallary seljerildi.

Fransuz razwedkasynyň “DAEŞ-e ugradylan sement hakynda has giňişleýin maglumat berip bilersiňizmi?” soragdan, “Lafaržyň” şol döwürde terror guramasy bilen aragatnaşygyndan Fransuz döwletiniň habarlydygy görülýär.

“Anadoly” habarlar gullugyna gelip gowuşan resminamalarda “Lafarž” bilen Fransiýanyň içerki, daşarky we harby razwedka gulluklarynyň arasynda diňe bir 2013-2014-nji ýyllaryň arasynda geçirilen duşuşyklaryň 30-dan köpdügi ünsleri çekýär.

DAEŞ-iň, berilen sementler bilen ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçlere garşy güýçli gaçybatalgalar we tuneller gurandygy bilinýär.



Degişli Habarlar