Katardan ugradylan ynsanperwer kömek Kabula bardy

Katardan ugradylan we düzüminde azyk we derman serişdeleri bolan 3-nji uçar, Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Hamid Karzaý halkara howa menziline bardy

1703741
Katardan ugradylan ynsanperwer kömek Kabula bardy

Kataryň resmi habarlar agentligi QNA-nyň berýän habaryna görä, Katardan ugradylan we düzüminde 25 tonnalyk azyk önümleri, ynsaprewer kömek we lukmançylyk enjamlary bolan ýene-de 1 uçar,  Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Hamid Karzaý halkara howa menziline gondy. 

Habarda Katardan Owganystana şu günki güne çenli ugradylan ynsanperwer kömegiň mukdarynyň 68 tonna ýetendigi aýan edildi. 

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Hamid Karzaý halkara howa menzili, ABŞ-nyň harby güýçleriniň 31-nji awgustda ýurtdan çekilmeginden soň Talibanyň gözegçiligine geçipdi. 

1-nji sentýabrda bolsa Katar howa ýollaryna degişli bir uçar, ol ýeriň ýaňadandan işläp başlamagy üçin derňew geçirmek maksady bilen tehniki topary Kabula gonupdy. 

Ondan soň bolsa 4-nji we 6-njy sentýabrda Katardan ynsanperwer we lukmançylyk enjamlaryny daşaýan 2 uçar, Kabula gonupdy. 

Owganystany dünýä bilen birleşdirýän Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Hamid Karzaý halkara howa menziliniň ýaňadandan işläp başlamagyny isleýän Taliban, Türkiýe we Katar bilen gepleşikler geçirýär. 

ABŞ, Ýewropa ýurtlary we BMG başda bolmak bilen halkara jemgyýet bolsa Kabul howa menziliniň iň gysga wagtda işläp başlamagyny isleýär. 



Degişli Habarlar