“Taliban Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

Ahmed Mesud, Taliban Penjşirden we Andarabdan çekilen halatynda gepleşik geçirmäge taýardyklaryny mälim etdi.

1702970
“Taliban Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

Owganystanyň Penjşir welaýatyna gözegçilik edýän ýerli güýçleriň lideri Ahmed Mesud, Taliban Penjşirden we Andarabdan çekilen halatynda gepleşik geçirmäge taýardyklaryny mälim etdi.

Paýtagt Kabuldaky Owganystan Alymlar şurasynyň çaknyşyklaryň bes edilmegi barada beren çağyryşyndan soň, Mesud Facebook arkaly beýannama berdi.

Parahatçylyga goldaw berýändiklerini nygtan Mesud, “Milli göreş frondy, Taliban Penjşirdäki we Andarabdaky hüjümlerini bes eden halatynda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin gepleşik geçirmäge taýar” diýdi.

Owgan halkynyň esasy böleginiň musulmandygyny ýatladan Mesud, Talibanyň Penjşirde we etraplarynda söweşmeginiň dini taýdan dogry bolmandygyny nygtady.

Mesud, Taliban yza çekilen halatynda özleriniň hem çaknyşykdan çetde durjakdyklaryny ýatlatdy.

Täjik lideriniň çagyryşyna Taliban heniz hiç hili jogap bermedi.

Beýleki tarapdan Penjşirde soňky iki günde güýçli bolan çaknyşyklarda welaýatyň gözegçiligi ele geçiren Talibanyň metbugat geňeşçisi Fehim Deşti bilen birlikde ýüzlerçe söweşijiniň ýogalandygy nygtalýar.


Etiketkalar: #Penjşir , #gepleşik , #Taliban

Degişli Habarlar