Afrinde bolan partlamada 3 adam ýogaldy

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndylar

1702892
Afrinde bolan partlamada 3 adam ýogaldy

Siriýanyň Afrin welaýatynyň merkezi Eşrefiýe etrapçasynda ýoluň ugrunda duran ulagyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 3 adam ýogaldy. 

Türkiýäniň Hataý welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, Eşrefiýe etrapçasynda ýoluň ugrunda duran ulagyň partlandygy aýan edildi. 

Partlamanyň netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygy, 3-si çaga jemi 6 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndylar. 



Degişli Habarlar