ABŞ-nyň Kongresiniň agzasy: "Taliban ABŞ-lylary zamun saklaýar" diýdi

Makkol, Fox News telewideniýe kanalyna Owganystandan entek ewakuasiýa edilmedik amerikan raýatlarynyň ýagdaýlary barada beýanat berdi

1703033
ABŞ-nyň Kongresiniň agzasy: "Taliban ABŞ-lylary zamun saklaýar" diýdi

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komitedindäki Respublikançylaryň lideri Makkol, Talibanyň 6 amerikan uçaryny Mazari-Şarif howa menzilinde saklaýandygyny we resmi Waşington Talibany ykrar edýänçä çenli şol adamlaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermejekdigini öňe sürdi.

Makkol, Fox News telewideniýe kanalyna Owganystandan entek ewakuasiýa edilmedik amerikan raýatlarynyň ýagdaýlary barada beýanat berdi. 

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazari-Şarif howa menzilinde düzüminde amerikan raýatlary we ABŞ bilen hyzmatdaşlyk eden owgan raýatlary bolan 6 amerikan uçarynyň bardygyny aýdan Makkol, şol uçarlaryň 2-3 gün bäri ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan rugsat almaklaryna garamazdan ýurtdan çykyp bilmeýändigini öňe sürdi. 

Makkol: "Ýagdaý zamun alma öwrülýär. ABŞ Talibany dolulygyna ykrar edýänçä çenli amerikan raýatlarynyň ýurtdan çykmagyna rugsat bermezler" diýip habar berdi. 

Makkol, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň beren beýanatynyň tersine, Owganystanda 100-200 däl, eýsem has köp amerikan raýatynyň galandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar