Reisi: "Günbatar bilen basyş astynda gepleşikleri kabul etmeris" diýdi

Ibrahim Reisi, döwlet telewideniýesine beýanat berdi

1702718
Reisi: "Günbatar bilen basyş astynda gepleşikleri kabul etmeris" diýdi

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen we şu ýylyň iýun aýynda arakesme berilen ýadro gepleşiklerine ýaňadandan başlamaga taýardyklaryny, emma basyşyň astynda gepleşikleri kabul etmejekdiklerini beýan etdi. 

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, döwlet telewideniýesine beren interwýusynda, paýtagt Tähran şäherinde konserwatorlar tarapyndan emele getirilen täze hökümet döwründe ýurdunyň içeri we daşary syýasatynyň üstünde durup geçdi. 

Ozalky hökümet döwürnde halkyň hökümede bolan ynamynyň gowşandygyny aýdan Reisi: "Bu döwürde halkyň zeper ýeten ynamyny ýaňadandan dikeltmelidiris. Adamlaryň ynamyny gazanmagyň ýeke täk ýoly dogruçyl bolmakdyr. Ähli döwlet adamlary dogruçyl bolmalydyr we beren sözlerini dogruçyllyk bilen ýerine ýetirmelidiriler, emma ýerine ýetirip bilmeýän bolsa näme sebäpli ýerine ýetirip bilmeýändigini halka beýan etmeldirler" diýip habar berdi 

Hökümetiň başynda mahallary galplyga garşy göreş alyp barjakdyklaryny aýdan Reisi, daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylara bolsa ýurtda maýa goýmaklaryna çagyrdy. 

Owganystanda başdan geçirilýän hadysalaryň hem üstünde durup geçen Ibrahim Reisi, meseleleriň bu ýurtda halkyň ygtyýary bilen dörediljek hökümediň emele getirilmegi bilen çözülmeginiň mümkindigini beýan etdi. 

Owganystanyň halkynyň ygtyýary bilen emele getirilen hökümedi goldaýandyklaryny aýdan Reisi, ýurtdaky çaknyşyklaryň hem bes edilmeginiň ähmiýedini belläp geçip, Owganystanyň howpsuzlygyny Eýranyň howpsuzlygy hökmünde kabul edýändiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar