ABŞ-nyň Owganystandan Çekilmeginden soň Gumanitar Pajyga Başdan Geçirildi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ABŞ-nyň harby güýçleriniň Owganystandan çekilmeginden soň ýurtda gumanitar pajyganyň başdan geçirilendigini beýan etdi.

1702080
ABŞ-nyň Owganystandan Çekilmeginden soň Gumanitar Pajyga Başdan Geçirildi

Putin Russiýanyň Wladiwostok şäherinde guralan Gündogar Ykdysady Forumynda Owganystandaky soňky ýagdaýlar hakynda beýannama berdi.

ABŞ-nyň we beýleki günbatarly güýçleriň Owganystandan çekilmeginden soň degişli netijeleriň çykarylmalydygyny beýan eden Putin; “Owganystana goşun getirendiklerini we ençeme ýalňyşlyk goýberendiklerini beýan edýärler. İndi şol ýalňyşlyklary başga ýurtlarda gaýtalaýarlar. Nähili sanksiýalar bar? Ol bir ýurduň we düzgünlerini başga ýurda zor bilen kabul etdirme tagallasydyr we onuň dünýäniň ençeme ýurdunda dowam etdirýärler. Eger hakykatdan hem ýalňyşlaryndan degerli netije çykarýan bolsalar, onda dünýä syýasatynda özgerlişikler bolup biler” diýdi.

ABŞ-nyň Owganystandaky başdan geçirmeleri üçin 1,5 trillion dollardan gowrak serişde sarp edendigine ünsi çeken Putin; “Amerikalylar iňňän pragmatiki adamlar, emma şeýle çykdajydan soň netije näme boldy? Owganystanda ABŞ we ýaranlary üçin işleşän we taşlanyp gidilen adamlaryň sany seredilende bu gumanitar pajygadan başga zat däl” diýdi.

Demokratiýanyň döwletlere güýç ulanmak ornaşdyrylmaga synanşylmagynyň kabul edilmesizdigini gürrüň beren Putin: “Käbirlerine demokratiýa gerek bolsa, halk oňa öz özünden karar berer, güýç ulanmak gerek däl” diýdi.



Degişli Habarlar