Nigeriýada Guralan Hüjümde 16 Adam Ýogaldy

Boko Haramaň 2009-njy ýyldan bäri guran terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

1700562
Nigeriýada Guralan Hüjümde 16 Adam Ýogaldy

Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 16 adam ýogaldy.

Milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habara görä, terror guramasynyň agzalary Borno welaýatynyň Rann obasyna hüjüm gurady.

Hüjümde 1-i esger jemi 16 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Ýurtda 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri hüjümlerini dowam etdirýän Boko Haramaň 2009-njy ýyldan bäri guran terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri ýurduň serhet goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

Ýurtda terror guramasynyň hüjümleri we çaknyşyklary sebäpli ýüz müňlerçe adam göçmäge mejbur boldy.



Degişli Habarlar