ABŞ Owganystandaky diplomatik missiýasyny bes etdi
Blinken, ABŞ-nyň şu günki güne çenli 6 müňi amerikan raýaty bolan jemi 123 müň adamy Owganystandan çykarandygyny habar berdi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, şu günden başlap Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki diplomatik missiýasyny bes edendiklerini we ilçihanany Kataryň paýtagty Doha şäherine göçürendiklerini habar berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ABŞ-nyň Merkezi Harby güýçleriň serkerdesi Kennet MakKenziniň ABŞ-nyň harby güýçleriniň Owganystandan çekilmek tapgyrynyň tamamlanandygyny aýan etmeginden soň metbugat ýygnagyny geçirdi.
Blinken, ABŞ-nyň şu günki güne çenli 6 müňi amerikan raýaty bolan jemi 123 müň adamy Owganystandan çykarandygyny habar berdi.
Blinken Owganystan bilen bagly diplomatiýany bes etmejekdiklerini belläp: "Harby missiýamyz tamamlandy, täze bir diplomatik missiýa başlady. Ilki bilen bu diplomatik missiýany durmuşa geçirmek üçin täze bir topar döretdik. Kabuldaky diplomatik missiýamyzy şu günden başlap bes etdik we ilçihanamyzy Kataryň paýtagty Doha şäherine göçürdik. Ýakyn wagtda bu mesele boýunça Kongrese maglumat bereris" diýip aýan etdi.
Owganystanda häzirki wagtda daşary ýurda çykmak isleýän 200-den az belki 100-e golaý amerikan raýatynyň galandygyna ynanýandyklaryny aýdan Blinken, Owganystandan dolulygyna çyksalar hem ýurtdan çykmak isleýän amerikan raýatlaryna we owgan şäriklerine kömek bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi.
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.
BMG Global Gumanitar Çökgünlik Boýunça Duýduryş Berdi
Gurama 2025-nji ýylda 47,4 milliard dollarlyk ynsanperwer kömegi üçin çagyryş etdi.