ABŞ: "Taliban 31-nji awgustdan soň hem howpsuz geçişe rugsat berjekdigini habar berdi" diýdi

Talibanyň amerikan raýatlaryna we owgan hyzmatdaşlaryna 31-nji awgustdan soň hem Owganystandan howpsuz geçiş üçin rugsat berjekdigini habar berdi

1699298
ABŞ: "Taliban 31-nji awgustdan soň hem howpsuz geçişe rugsat berjekdigini habar berdi" diýdi

ABŞ-nyň Howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan beren beýanatynda, 1-nji sentýabrdan başlap Owganystanda ABŞ-nyň ilçihanasynyň bolmajakdygyny aýan etdi. 

ABŞ-nyň gury ýerde harby barlygy bolmadan hem Owganystandaky terror howpunyň öňüni alyp biljekdigini aýdan Salliwan, terror guramasy DAIŞ-e garşy has köp operasiýanyň geçirilmeginiň üstünde işlenýändigini beýan etdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, soňky birnäçe hepdede terror guramasy DAIŞ-iň Kabuldaky howa menziline hüjüm gurajakdygy barada razwedka maglumatyny alandyklaryny, şol sebäpli Owganystandaky missiýalaryny 31-nji awgusta çenli tamamlamakda tutanýerlidiklerini habar berdi. 

Ady agzalan ýerde penşenbe güni terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan hüjümlerde 170 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Kabul , #Owganystan

Degişli Habarlar