Jo Baýden: "Kabulda ýene-de hüjümler guralyp biliner" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 24-36 sagat aralygynda Owganystandaky Kabul howa menziliniň nyşana alynyp başgada hüjümleriň guralyp bilinjekdigini beýan etdi

1699166
Jo Baýden: "Kabulda ýene-de hüjümler guralyp biliner" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, milli howpsuzlyk toparyndan alan brifinginden soň Owganystanda başdan geçirilýän hadysalaryň üstünde durup geçdi. 

Kabul howa menzilinde köp sanda adamyň ýogalmagyna sebäp bolan bombaly hüjümlerden soň ABŞ-nyň goşunynyň şu gün irden hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan DAIŞ Horasan guramasyna garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminiň soňky bolmandygyny aýan etdi. 

Jo Baýden: "Meýdandaky ýagdaý örän howply bolmaga dowam edýär we howa menziline garşy terrorçylykly hüjüm howpy ýokary. Serkerdelerimiz maňa öňümizdäki 24-36 sagat aralygynda täze hüjümleriň guralmak howpynyň ýokarydygyny aýtdylar" diýip habar berdi.  

Hüjüme garşylyk görkezilmäge dowam ediljekdigini aýdan Jo Baýden: "Kabulda esgerlerimize we asuda ilata garşy guralan hüjümiň jogapkäriniň yzarlanjakdygyny aýdypdym we şeýle hem etdik. Guralan şol hüjümiň jogapkärleriniň ählisini saklamaga we jogabyny almaga dowam ederis" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Kabul , #ABŞ , #Jo Baýden

Degişli Habarlar