Kabulda Guralan Hüjümde Biri Çaga 3 Iňlis Raýaty Ýogaldy

Kabulda howa menzliniň golaýynda penşenbe güni guralan hüjümde 13-i amerikan esgeri bolmak bilen 170-den gowrak adam ýogalypdy.

1698755
Kabulda Guralan Hüjümde Biri Çaga 3 Iňlis Raýaty Ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda halkara Hamid Kerzeý howa menzliniň golaýynda penşenbe güni guralan hüjümde biri çaga 3 iňlis raýaty ýogaldy.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “Kabulda guralan terrorçylykly hüjümde 2 iňlis raýaty bilen başga bir iňlis raýatynyň çagasynyň ýogalandygyny we 2 adamyň ýaralanandygyny öwrenmek meni çuňňur gynandyrdy” diýdi.

Asuda ilatyň gorkak terrorçylar tarapyndan öldürilmeginiň gynandyryjydygyny nygtan Raab, “Düýnki hyýanatçylykly hüjüm, Owganystandakylaryň başdan geçirýän howplaryny açyk aýdyň görkezýär. Bize ýüz tutan kömege mätäç halk üçin elimizden geleni ederis, terrorçylara asla boýun egmeris” diýdi.

Kabuldaky halkara Hamid Kerzeý howa menzliniň golaýynda penşenbe güni guralan hüjümde 13-i amerikan esgeri bolmak bilen 170-den gowrak adam ýogalypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ/Horasan öz üstüne alypdy.



Degişli Habarlar