Taliban Türkiýe Bilen Gatnaşyk Etmek Isleýär
“Türkiýe ähmiýetli ýurt, türk halky musulman we doganlyk ýurt. Türkiýe bilen taryhy, sosial we medeni gatnaşyklarymyz bar”
Talibanyň Katardaky syýasy işlerden jogapkär metbugat geňeşçisi Naim Wardak, Türkiýe bilen gowy gatnaşyk etmek isleýändiklerini aýtdy.
Talibanyň Owganystanyň paýtagty Kabuly gözegçilik astyna almagyndan soň metbugata beýannama beren Wardak “Türkiýe ähmiýetli ýurt, türk halky musulman we doganlyk ýurt. Türkiýe bilen taryhy, sosial we medeni gatnaşyklarymyz bar” diýdi.
Wardak Talibanyň Türkiýe bilen gatnaşyk etmek isleýändigini belledi.
Talibanyň Türkiýeden kömege garaşýandygyny nygtan Wardak “Halkymyz 40 ýyldan bäri söweşiň içinde we elbetde kömege garaşýar. Dünýä ýurtlary bilen birlikde esasan Türkiýäniň halkymyza we ýurdumyza kömek bermegini isleýäris” diýdi.
Wardak, Türkiýäniň Owganystanda we ýurduň ýaňadandan dikeldilmeginde esasy rol oýnap biljekdigini nygtady.