Owganlar Pakistan serhediniň golaýynda garaşmaga dowam edýär

Talibanyň Owganystany dolulygyna diýen ýaly gözegçiligi astyna geçirmeginden soň, ýurtdan çykmak isläp, gümrük geçelgelerine tarap ýola çykan owganlar Pakistan serhediniň golaýynda garaşmaga dowam edýärler

1697133
Owganlar Pakistan serhediniň golaýynda garaşmaga dowam edýär
afganistan-pakistan siniri bayrak.jpg
afganlar pakistan siniri1.jpg
afganlar pakistan siniri.jpg

Pakistanly resmiler, iki ýurdyň arasyndaky Torkham gümrük geçelgesinde saglyk sebäpli Pakistana gitmek islän owganlaryň geçmeklerine rugsat berilendigini habar berdiler. 

Resmiler günde takmynan 1500-den gowrak owgan raýatyň Pakistandan ýurduna gaýdyp gidýändigini, takmynan 200-250 owgan raýatyň bolsa Pakistana saglyklaryny bejergi etmek maksady bilen girýändigini aýan edýärler. 

Serhediň Owganystan tarapynda bolsa käbir owganlar, Pakistana girip bilmek üçin garaşmaga dowam edýärler. 

3 milliondan gowrak owgan bosguna ýer eýeçiligini edýän Pakistan, täze bir bosgun tolkunyna garşy gümrüklerini ýapypdy we mundan köp bosgun kabul edip bilmejekdigini habar beripdi. 

Gümrük geçelgelerindäki söwda gatnaşyklary bolsa dowam edýär. Söwda maksatly önüm daşaýan ýük ulaglar, günüň 24 sagady girip çykýarlar. 

Beýleki tarapdan Talibanyň Owganystanyň Pençşir welaýatyndan daşary ähli ýeriň gözegçiligini ele geçirmeginden soň, gümrük geçelgelerindäki ýagdaý hem üýtgedi. 

Gümrük geçelgelerinde Owganystanyň baýdagynyň ýerine Talibanyň baýdaklary asyldy, gümrük geçelgeleriniň howpsuzlygyny bolsa Taliban üpjün etmäge başlady. 

Sebitiň halky Talibanyň gümrük geçelgelerindäki baýdaklary 16-njy awgustda çalyşandygyny habar berdiler. 



Degişli Habarlar