Germaniýa Türkiýe we ABŞ Bilen Gepleşikler Geçirýär

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas owganlar üçin degişli goldawyň beriljekdigini aýtdy

1696294
Germaniýa Türkiýe we ABŞ Bilen Gepleşikler Geçirýär

Germaniýa Owganystanda Kabul howa menziliniň raýat awiasiýa hyzmatlary bilen harby göçürlişik operasiýalarynyň dowam etmegi üçin Türkiýe we ABŞ bilen gepleşikler geçirýändiklerini beýan etdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas paýtagt Berlinde beren beýanatynda Kabul howa menziliniň 31-nji awgustda Amerikan esgerleriniň çekilmeginden soň hem işini dowam etdirmeginiň möhümdigine ünsi çekip; “ABŞ, Türkiýe we beýleki ýurtlar bilen Kabul howa menziliniň işlerini dowam etdirmegi üçin gepleşikler geçirýäris. Bu meselede şol bir wagtda-da Amerikan güýçleriniň çekilmeginden soň Taliban bilen gepleşik geçirilmeli” diýdi.

Pakistanyň, Hindistanyň, Täjigisitanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Maas; “Şol ýurtlara geçen ýerli personala gysga möhletde we ýeňillik bilen wiza bereris. sanawlarymyzdaky ähli ýerli gullukçylar we gmçüriljek beýleki adamlar üçin ýaşaýyş şertlerini dörederis” diýdi.

Maas Yslamabatdaky, Täze Delidäki we Daşkentäki wiza bölümlerin giňeltjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar