ABŞ Hytaýa Reaksiýa Bildirdi

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris ýaranlaryny goldamaga dowam etjekdiklerini aýtdy

1696377
ABŞ Hytaýa Reaksiýa Bildirdi

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris Hytaýyň Günorta Hytaý deňizindäki düzgün bozmalalarynda “basyşyň” we “howpuň” bardygyny aýtdy

Günorta-gündogar Aziýa saparynyň çäginde Singapurda saparda bolýan Harris, Hytaýyň Günorta Hytaý deňizindäki aksiýalarynda “basyşyň” we “wehimiň” bardygyny duýduryp, ABŞ-nyň Hytaýyň aksiýalaryna garşy sebitdäki ýaranlaryny goldajakdygyny mälim etdi.

Harris: “Hytaýyň, Günorta Hytaý deňiziniň esasy böleginde basyş emele getirmäge synanşýandygyny, wehim salmağa we hak talaplaryna dowam edýändigini bilýäris” diýdi.

Hytaýyň aksiýalarynyň kadalara esaslanýan ulgamy bozmaga we halklaryň özygtyýarlylygyna howp salmağa dowam edýändigini nygtan Harris, Hytaýdan abanýan howplara garşy ABŞ-nyň ýaranlaryny we hyzmatdaşlaryny goldajakdygyny beýan etdi.

Harris Hindi-Ýuwaş Umman sebitini “halkyň howpsuzlygy we abadançylygy üçin möhüm ähmiýetli” diýip häsýetlendirdi.


Etiketkalar: #Hytaý , #Kamala Harris , #ABŞ

Degişli Habarlar