Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýanyň Katsina we Kaduna ştatlarynda ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümlerde 23 adam ýogaldy

1695453
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy

Katsina ştatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Gambo Isa beren beýanatynda, motosiklli adamlaryň ştatyň Basari diýilen ýerindäki Duba obasyna hüjüm gurandyklaryny habar berdi. 

Isa, hüjümde 14 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Kaduna ştatynyň Içerki howpsuzlyk we Içeri işler komissary Samuel Aruwan beren beýanatynda, ştatyň Zangon Kataf diýilen ýerinde guralan hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny aýan etdi. 

Aruwan ştatda ýaragly adamlar tarapyndan zamun alynan 12 adamyň bolsa goşun tarapyndan halas edilendigini beýan etdi. 

Ýurtda soňky wagtlarda ýaragly adamlar tarapyndan motosikller bilen hüjüm guramaklary netijesinde ýurdyň käbir ştatlarynda motisklleriň ulanylmagy gadagan edildi. 

Sebitde wagtal-wagtal maldarçylyk bilen meşgullanýan Fulaniler bilen ekerançylyk bilen meşgullanýan käbir taýpalaryň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolýar. 

Kaduna ştatynda geçen ýyl ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümlerde 937 adam ýogaldy, 1972 adam bolsa zamun alyndy. 


Etiketkalar: #motosikl , #hüjüm , #Nigeriýa

Degişli Habarlar