Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Burkina-Faso döwletiniň Sahel sebitinde düzüminde asuda ilat we howpsuzlyk güýçleri bolan ulag kerwenine garşy guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 80 adama ýetdi

1694348
Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň Kommunikasiýalar ministrliginden berilen beýanatda, harby we meýletin raýat goranyş işgärlerini daşaýan ulag kerweni Soum etrabynyň Gorgadji diýilen ýerinde terrorçylykly hüjüme sezewar galdy. Terrorçylykly hüjümiň netijesinde 15 esger bilen asuda ilatdan 65 adam ýogaldy. 

Beýanatda hüjümden soň geçirilen operasiýada 80 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Prezident Roh Mark Kristian Kabore hüjümden soň ýurtda 72 sagatlyk milli ýas yglan edilendigini mälim etdi. 

Hüjümde ýogalanlaryň sany berilen ilkinji beýanatda 30-y asuda ilatdan bolmak bilen jemi 47 adam hökmünde aýan edilipdi. 

Goňşy ýurt Malide barlygyny dowam etdirýän Al Kaýda we DAIŞ ýaly terror guramalary bilen arabaglanşykda bolan terror toparlary, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýar.

Burkina-Faso, Saheldäki beýleki goňşusy bolan Niger döwleti bilen umumy harby operasiýalar geçirse hem Malide ýerleşýän terrorçy toparlary gowşadyp bilenok. 

BMG tarapyndan berilen beýanata görä şu ýylyň başyndan bäri 17 müň 500 adam howpsuzlyk sebäpli ýurdyň terk etmäge mejbur galdy. 



Degişli Habarlar