Ýaponiýa Kabul şäherindäki ilçihanasynyň işgärlerini ýurtdan çykardy

Ýaponiýanyň Kabul şäherindäki ilçihanasynyň işlerini Stambul şäherinde dörediljek wagtlaýyn ofisde dowam etdirjekdigi aýan edildi

1693002
Ýaponiýa Kabul şäherindäki ilçihanasynyň işgärlerini ýurtdan çykardy

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Ýaponiýanyň Kabul şäherindäki ilçihanasynda işleýän 12 işgäriň dostlukly bir ýurdyň harby uçary bilen Dubaý şäherine ugradylandygy habar berildi. 

Ýaponiýanyň Kabul şäherindäki ilçihanasynyň işlerini Stambulda dörediljek wagtlaýyn ofisde dowam etdirjekdigi aýan edildi. 

Kýodo habarlar agentligi Ýaponiýanyň 2001-nji ýyldan bäri Owganystanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin 6,8 milliard dollarlyk kömek berendigini beýan etdi. 

15-nji awgustda ýekşenbe güni ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmegi we hökümet güýçleriniň paýtagtdan çekilmegi bilen şäheri çaknyşyksyz ýagdaýda gözegçiligine geçiripdi. 



Degişli Habarlar