Taliban: "Owganystanda ähli taraplary öz düzüminde jemlejek hökümet gurmak isleýäris" diýdi

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabibullah Müjahit: "Owganystanda ähli taraplary öz düzüminde jemlejek hökümet gurmak isleýäris" diýip belledi

1692956
Taliban: "Owganystanda ähli taraplary öz düzüminde jemlejek hökümet gurmak isleýäris" diýdi

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabibullah Müjahit, ýurdyň paýtagty Kabul şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda aralarynda zenanlaryň hem bolan ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Talibanyň metbugat geňeşçisi, Owganystanda ähli taraplary öz düzüminde jemlejek hökümet gurmak isleýändiklerini we örän ýakyn wagtda Yslam hökümetiniň gurulmagy bilen bagly ylalaşyga geljekdiklerini habar berdi.

Ýurdyň ozalky harbylary we daşary ýurtly harby güýçler bilen işleşen adamlar bilen birlikde hiç kimden ar almagy meýilleşdirmeýändiklerini, her kimiň edenlerini bagyşlaýandyklaryny aýdan Müjahit, owgan zenanlara hukuklaryny Yslam esasynda üpjün etjekdiklerini barada söz berdi we zenanlara garşy diskriminasiýa edilmejekdigini mälim etdi.

Zabibullah Müjahit, ähli media organlarynyň işlerini dowam etdirmeklerini isleýändiklerini, Owganystanda hiç bir ýurtda howp abanmajakdygy barada söz berdi we ýurtdaky ähli ilçihanalaryň howpsuz ýagdaýdadygyny beýan etdi.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewral aýynda gazanylan ylalaşygyň çäginde, halkara harby güýçleriň Owganystandan çekilmek tapgyry başlapdy.

Owganystanyň hökümeti bilen Katarda gepleşiklerini dowam etdiren Taliban, şol bir wagtyň özünde iýun aýyndan bäri hüjümlerini artdyrypdy we Owganystanyň ençeme welaýat merkezini ele geçiripdi.

Geçen hepdäniň ýekşenbe güni ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmegi we hökümet güýçleriniň Kabul şäherinden çekilmegi bilen ol ýerleri dolulygyna gözegçiligi astyna aldy. 

 



Degişli Habarlar