Pentagon: "Kabul howa menzilinde türk esgerler bilen bilelikde işleşýäris"

Jon Kirbi, metbugat işgärlerine beýanat berdi

1692364
Pentagon: "Kabul howa menzilinde türk esgerler bilen bilelikde işleşýäris"

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, Kabul howa menziliniň howpsuzlygynyň ýaňadandan üpjün edilmegi maksady bilen türk esgerler we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde iş salyşýandyklaryny habar berdi. 

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, metbugat işgärlerine beren beýanatynda Kabul howa menziliniň üstünde durup geçdi.

Kirbi, ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň işgärlerini we beýleki raýatlary çykarmak tapgyry dowam edýärkä, Kabul şäherindäki Hamid Karzaý howa menziline ýüzlerçe adamyň girmegi bilen başdan geçirilen haosdan soň howa menziliniň we töwereginiň arassalanmagy we howpsuzlygyň ýaňadandan üpjün edilmegi üçin türk esgerler we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen iş salyşýandyklaryny habar berdi.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewral aýynda gazanylan ylalaşygyň çäginde, halkara harby güýçleriň Owganystandan çekilmek tapgyry başlapdy.

Owganystanyň hökümeti bilen Katarda gepleşiklerini dowam etdiren Taliban, şol bir wagtyň özünde iýun aýyndan bäri hüjümlerini artdyrypdy we Owganystanyň ençeme welaýat merkezini gysga wagtda ele geçiripdi.

Birnäçe gün ozal ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmegi we hökümet güýçleriniň Kabul şäherinden çekilmegi bilen ol ýerleri dolulygyna gözegçiligi astyna aldy. 

Şol hadysalardan soň ýüzlerçe owgan daşary ýurtly raýatlar üçin niýetlenip gelen uçarlara münmek üçin howa menziline barypdylar. 



Degişli Habarlar