Owganystan Meselesinde Gepleşikler Ýaňadandan Başlamaly

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Owganystan meselesinde gepleşikleriň ýaňadandan başlamalydygyny aýtdy

1690808
Owganystan Meselesinde Gepleşikler Ýaňadandan Başlamaly

Lawrow Russiýanyň Rostow oblastynyň Sambek obasynda Owganystandaky soňky wakalar hakynda beýannama berdi.

Owganystan meselesiniň ýurtdaky ähli syýasy, etniki, dini taraplaryň gatnaşmagynda çözülmelidigini beýan eden Lawrow: “BMG-nin Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan kawbul edilen gepleşik tapgyryny goldaýarys. Gynansagam gepelşik tapgyrynyň depgini gowşady. Owganystanyň hökümeti iki ýyldan bäri gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy bilen gyzyklanmaýar. Şol sebäpli gynansagam Taliban ýurtdaky meseleleri harby ýollardan çözmäge karar berdi” diýdi.

Lawrow Talibanyn Owganystanyň şäherleri bilen welaýatlaryny almaga dowam edýändigine ünsi çekip, onuň “erbetdigini” beýan etdi.

Owganystanda ýüze çykan şertleriň özlerini biynjalyk edýändigini nygtan Lawrow: “Owganystan meselesi boýunça gepleşik tapgyry ýaňadandan başladylmaly. Owganystanda ýüze çykan şertlerin Orta Aziýa sebitine, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndaky ýaranlarymyzyň territoriýasyn zyýan ýetirmegine alada bildirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar