Alžirdäki tokaý ýangynlary bilen bagly 22 adam göz tussaglygyna alyndy

Alžiriň döwlet telewideniýesinde Abdulmejid Tebbunyň tokaý ýangynlary bilen baglanşykly halka ýüzlenip beren beýanaty görkezildi

1690721
Alžirdäki tokaý ýangynlary bilen bagly 22 adam göz tussaglygyna alyndy

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun, ýurdyň tapawutly ýerlerinde dowam edýän we 69 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen tokaý ýangynlary bilen baglanşykly 22 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi. 

Alžiriň döwlet telewideniýesinde Abdulmejid Tebbunyň tokaý ýangynlary bilen baglanşykly halka ýüzlenip beren beýanaty görkezildi. 

Tebbun, ýurdyň 17 aýry welaýatynda ýüze çykan we 69 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan tokaý ýangynlary bilen baglanşykly "Günäli eller sebäp boldy" diýip habar berdi. 

Ýangynlar bilen baglanşykly Tizi Wizuda 11 adamyň, Annabede 4 adamyň, Jijelde 2 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýdan Tebbun, şübhe astyndaky beýleki 5 adamyň bolsa haýsy welaýatlarda göz tussaglygyna alynandygy barada bolsa maglumat bermedi. 

Çykyşynda milli jebislige ünsleri çeken Tebbun: "Milli jebisligimize zyýan ýetirýänlere goşun we halk, goşun bilen döwletiň arasynda tapawut goýmaga synanyşýanlara garşy durarys" diýip habar berdi. 

Tebbun mundan başgada ýangyn söndürmek işlerine goşant goşmak üçin şu gün Ispaniýada 2 uçaryň, 3 gün soň bolsa Şweýsariýadan ýene-de 1 uçaryň geljekdigini aýan etdi. 

Alžirde ýurdyň 17 welaýatynda ýüze çykan 100-den gowrak tokaý ýangynynda häzirki wagta çenli 28-i esger 41-i asuda ilatdan jemi 69 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar