Alžirdäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlarň sany 42 adama ýetdi

Alžiriň hökümeti ýurtdaky tokaý ýangynlarynda 25-si esger jemi 42 adamyň ýogalandygyny habar berdi

1689184
Alžirdäki tokaý ýangynlarynda ýogalanlarň sany 42 adama ýetdi

Alžiriň Premýer ministri Eýmen bin Abdurrahman döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, ýurdyň tapawutly sebitlerinde dowam edýän tokaý ýangynlary barada maglumat berdi.

Bin Abdurrahman ýangynlarda 25-si esger jemi 42 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Alžiriň Premýer ministri Eýmen bin Abdurrahman, Ýewropa ýurtlary bilen ýangyn söndüriji uçarlaryň kireýine alynmagy üçin gepleşikleriň dowam edýändigini aýan etdi.

Alžiriň resmi APS habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ýurtdaky 17 welaýatda jemi 103 ýangyn hasaba alyndy.

Içeri işler ministri Kamil Biljud ýerli metbugata beren beýanatynda, şol bir wagtyň özünde ýüze çykan ýangynlar babatynda sabotaž ähtimallygynyň bardygyny, derňew işleriniň netijesinde jogapkärleriň tapyljakdygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #hökümet , #ýangyn , #Alžir

Degişli Habarlar